Arzuwyňy biziň bilen gur!

“KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ” AGPJ

Türkmenistanda iň meşhur ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň biridir. Ýokary tejribeli hünärmenler topary bizde zähmet çekýär, bularyň hemmesi müşderilerimiziň iň ýokary hünär derejesinde goýýan meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär.

Hyzmatlar

“Howa gämilerini utgaşdyryp” meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs; Şu Kadalaryñ şertlerinde baglaşylan Şertnama boýunça aşakdakylaryñ emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup biler:а) Howa gämisine eýelik etmek, peýdalanmak, ygtyýar etmek baglanyşykly we onuñ abat saklanmagynda kanuna, başga hukuk namasyna ýa-da şertnama esaslanýan bähbidi bar bolan şahslar, şol bähbit bilen bagly şu Kadalaryñ IV «Howa gämilerini kasko ätiýaçlandyrmak» (Howa uçarlary we dik uçarlary) bölüminde görkezilen kasko töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak amala aşyrylýar; b) Howa gämisini ulanyjynyñ, ýük daşaýjynyñ, gäminiñ eýesiniñ ýa-da aşakda görkezilen jogapkärçilik üstüne ýüklenip bilinjek başga şahsyñ emläk bähbitleri, şu „b“ bentde agzalan şahslaryñ Howa gämisiniñ ulanylmagy bilen bagly we howa gatnawlary ýerine ýetirilende emläge ýetirilen zyýan we adamlaryñ ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyñ öwezini raýat kanunçylygynda bellenen tertipde dolmak borçlary bilen bagly jogapkärçilikdir (üçünji taraplaryñ öñündäki jogapkärçilik; ýolagçynyñ ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan üçin, el goşlary we ýolagçynyñ ýanyndaky zatlar üçin jogapkärçilik; ýüküñ, poçtanyñ ýitirilendigi, kem çykandygy, zeper ýetendigi (zaýalanandygy) üçin jogapkärçilik), şunuñ bilen bagly, şu Kadalaryñ V „Üçünji taraplaryñ öñündäki raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak“, VI “Ýolagçylaryñ öñündäki (ýolagçynyñ ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan üçin) raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak”, VII “El goşlarynyñ we ýolagçynyñ ýanyndaky zatlaryñ ýitirilendigi, kem çykandygy, zeper ýetendigi (zaýalanandygy) üçin ýolagçylyryñ öñündäki raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak”, VIII “Ýüküñ, poçtanyñ ýitirilendigi, kem çykandygy, zeper ýetendigi (zaýalanandygy) üçin raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak” bölümlerinde görkezilen töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak amala aşyrylýar.

Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we işe ukyplylygy bilen baglanyşykly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs. Ätiýaçlandyrýanlar, fiziki şahs bolýanlar ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanan gününde onuň ýaşy 75 ýaşdan geçmezlik şertinde, kämillik ukyby bolan 18 ýaşdan we ondan uly ýaşly fiziki şahslar.Çaganyň ata-enesi (ogullyga-gyzlyga alýanlar), beýleki dogan-garyndaşlary, onuň hossary ýa-da howandary bilen 1 we uly ýaşly çaganyň peýdasyna ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanan günde onuň ýaşy 18 ýaşdan geçmez ýaly şert bilen ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylyp bilner.

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýan we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs. Ätiýaçlandyrylan şahsyň özüniň kanunçylykda bellenen tertipde, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan daşamak, şol sanda halkara ýükleri daşamak we ýa-da ekspedisiýa etmek şertnamalary boýunça öz borçnamalary ýerine ýetirilen mahalynda üçünji taraplaryň (Bähbit görüjileriň) emlägine ýetirilen zyýanyň ýa-da ömrüne we saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini dolmak, şeýle hem üçünji taraplara ýetirilen zyýan üçin Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy bilen bagly onuň kazyýet we kazyýetden daşary çykdajylarynyň öwezini töletdirmek borjy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri şu Kadalaryň esasynda baglaşylan şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwez tölegini tölemek boýunça borjy şu ýagdaýlarda ýüze çykýar, eger-de: а) Bähbit görüjiniň emläk bähbitlerine zyýan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen döwürde ýetirilen bolsa; b) Bähbit görüjiniň emläk bähbitlerine zyýan Ätiýaçlandyrýanyň önümçilik işiniň netijesinde ýetirilen bolsa.

Gurluşyk-gurnaýyş işlerini ätiýaçlandyryş

Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýarlar:- gurluşyk işleri, şol sanda gurulýan binalar, desgalar we beýleki obýektler, gurluşyk materiallary we gurnaýyşlary, şeýle hem taslama-sanaw resminamalarynda göz öňünde tutulan we gurluşyk işlerini amala aşyrmagyň zatlary hem-de serişdeleri bolup durýan beýleki emläk; – gurnaýyş işleri, şol sanda gurulýan obýektler, gurnalýan enjamlar, şeýle hem taslama-sanaw resminamalarynda göz öňünde tutulan we gurluşyk işlerini amala aşyrmagyň zatlary hem-de serişdeleri bolup durýan beýleki emläk; – gurluşyk meýdançasynyň enjamlary: wagtlaýyn binalar we desgalar, ammar jaýlary, germewler, gurluşyk agaçlary, galyplar, inžener ulgamlary we başgalar; – gurluşyk tehnikasy we mehanizmleri: buldozerler, ekskawatorlar, greýderler, skreperler, ýol katoklary, belgileýji maşynlar, asfalt düşeýjiler, ýol frezleri, kranlar we ýük göterijiler, ýük ýükleýjiler, beton garyjylar, beton sorujylar, kompressorlar we başgalar; – çäkleri döwük-ýenjiklerden we dökülen zatlardan arassalamak boýunça çykdajylar, olaryň zerurlygy şondan ýetirilen zyýan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda öwezini dolmaga degişli bolan waka bilen ýüze çykanda. Gurluşyk geçirilýän çäkleri mundan beýläk-de şertnamalaýyn işleri geçirmäge ýaramly ýagdaýa getirmek üçin ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandan soň geçirilmeli şeýle harajatlar arassalamak boýunça çykdajylar hasaplanylýar.2. Gurluşyk-gurnaýyş işleri geçirilen mahaly üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça 1-nji goşmaça şertler şu Kadalarda kesgitlenen (1-nji goşundy). 3. Işe girizilenden soňky kepillendiriş borçnamalaryny ätiýaçlandyrmak boýunça 2-nji goşmaça şertler şu Kadalarda kesgitlenen.

Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş

Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen telekeçilik işleri amala aşyrylanda bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ömre, saglyga we (ýa-da) emläge ýetirilen zyýan üçin fiziki we ýuridik şahslaryň öňündäki jogapkärçilik. Şu Kadalara laýyklykda, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şu aşakdakylar bilen bagly raýat-hukuk jogapkärçiligi babatynda töwekgelçilik ätiýaçlandyrylyp bilner: -üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen zyýan üçin; -üçünji şahslaryň emlägine ýetirilen zelel üçin; -üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna görä ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyrýan bilen Ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça töwekgelçiligiň her bir görnüşi (üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan) boýunça jogapkärçiligiň bellenen çäklerinde kesgitlenýär.

Howa uçarlaryndaky we dik uçarlardaky ýolagçylary we ekipaž agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşş

 

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarap ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;Ýolagçylar we ekipažlaryň agzalary howa uçarlarynyň we dik uçarlarynyň (beýleki howa serişdeleriň) içinde bolýan wagty, şeýle hem oňa münende we/ýa-da ondan düşende betbagtçylykly hadysa netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri we saglygy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Kadalara laýyklykda howa uçarlaradaky we dik uçarlardaky ýolagçylar we ekipažlaryň agzalary Ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýar.

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş.

 

Kadalaryň şertlerine laýyklykda “Kepilli ätiýaçlandyryş” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan, şeýle hem Halkara ýük daşamak hakyndaky Gümrük konwensiýasyna laýyklykda HÝD kitapçasyny ulanyp halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we wekilhanalary hem-de Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk şahslar (Ätiýaçlandyrýan) bilen Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşyň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýar. Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs.Ätiýaçlandyrýanyň gümrük edaralarynyň öňündäki borçnamasy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Hünärmençilik jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmagy

Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs; Hünärmençilik jogapkärçiligi – Ätiýaçlandyrýanyň özüniň hünärmençilik işiniň barşynda ýol berlen geleňsizlik ýa-da tejribäniň ýetmeýändigi netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy; Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen hünärmençilik işiniň amala aşyrylmagy (borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi) bilen bagly, Ätiýaçlandyrýanyň onuň üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine bilkastlaýyn däl ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borçnamalary bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu kadalara garşy gelmeýän şahsy maddy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar (ähli hünärmençilik işleriň görnüşleri boýunça). Hünärmençilik işiniň anyk görnüşini ätiýaçlandyrmak boýunça Goşmaça şertlerinde ätiýaçlandyryş obýektini kesgitlemek hünärmençilik işiniň anyk görnüşine baglylykda takyklanyp ýa-da üsti ýetirilip bilner.

Hususy eýeçilik hukugy esasynda raýatlara degişli bolan ýaşaýyş jaýlaryny ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýana (Bähbit görüjä) eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyryş obýektleri bolup bilerler, olara aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler degişlidir, şol sanda ähli gurluş bölekleri, şeýle hem bezeg elementleri we enjamlar; diwarlar, aralyk diwarlar (diwara ýelmenýän bezeg kagyzlary we beýleki örtülýän, düşelýän zatlar); pollar, potoloklar, daşlyk tutulan gapylar; äpişge we gapy söýeleri we çarçuwalary, aýnalar we witražlar; gapy tutawaçlary; gapy gulplary; elektrik jaňlary; elektrik simleri we elektrik hasaplaýjylar, santehnika enjamlary; ýyladyş enjamlary we beýlekiler.2. Şu Kadalar boýunça aşakda görkezilen aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler ätiýaçlandyrylyp bilinmez:a. bellenen tertipde ýaşamak üçin ýaramly däl diýip ykrar edilen ýa-da awariýa ýagdaýyndaky jaýlar;b. ýaşamak üçin howply zolaklarda ýerleşen, gorp atmak, suw basmak howpy ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar howpy abanýan ýaşaýyş jaýlary, bellenen tertipde şeýle howpuň bardygy yglan edilen ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan (gidrometeorologiýa gulluklary we beýlekiler) tarapyndan howpuň bardygyny tassyklaýan degişli resminamalar (delilnama, netijenama we ş.m.) düzülen pursatyndan; Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanmak üçin kabul edilmedik jaýlar.

Ipoteka ätiýaçlandyryşy

Ätiýaçlandyrýanyň özüniň eýeçilik edýän, peýdalanýan ýa-da ygtyýarlyk edýän ätiýaçlandyrylan emläginiň bahasyndan öwez tölegini almakdaky emläk bähbidi ipoteka ätiýaçlandyryşynyň obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyrylan emläge ony olaryň bellenen maksadyna deň ölçegli zyýan ýetirmezden daşalmagy mümkin bolmadyk gozgalmaýan emläk, şol sanda fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň eýeçiliginde, hojalygy ýöretmek ýa-da dolandyrmak esasynda olaryň garamagynda bolýan jaýlar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, öýler, gaýry emläk toplumlary we Türkmenistanyň kanunçylygynda gozgalmaýan emläge degişli edilen beýleki emläkler degişlidir. Baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halatlaryna olaryň netijesinde ätiýaçlandyryş obýektine zyýan ýetirilen şu ýagdaýlar degişlidir:- ýangyn ýa-da ätiýaçlandyryş obýektine ýangynyň netijesinde başga bir zyýan ýetmegi;- tebigy betbagtçylyklar (ýeriň titremegi, ýerasty oduň täsiri, opurylma, gorp atma, ýyldyrym urmagy, siliň gelmegi, tupan, tüweleý, harasat, suwuň daşmagy, suw basmagy, ýerasty suwlaryň ýokary galmagy sebäpli suw almagy we beýlekiler);- ätiýaçlandyryş obýektine suw geçiriji, lagym, ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan suw akmagy sebäpli zyýan ýetmegi;- ätiýaçlandyryş obýektiniň üstüne dolandyrylýan uçýan enjamlaryň we olaryň bölekleriniň gaçmagy;- üçünji taraplaryň ätiýaçlandyryş obýektine zyýan ýetmegine getiren bilkastlaýyn hereketleri. Ýangynyň netijesinde ýüze çykmadyk oduň netijesinde ýeten zelel, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emlägi ot, ýylylyk bilen işletmegiň ýa-da ony gaýtadan işlemek maksady bilen ýa-da başga bir maksatlarda oňa beýleki bir ýyladyş täsirini ýetirmegiň netijesinde ýetirilen zyýan ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär we onuň öwezi dolunmaga degişli däldir. Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana ýüze çykanda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini geçirmäge borçly bolýan ätiýaçlandyryş halatlarynyň sanawy ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenýär.

Kärhanalaryň emlägini meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs; Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) emläge eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýar. Ätiýaçlandyryş şulara degişlidir:

  • jaýlar (önümçilik, edara, durmuş-medeni maksatly, jemgyýetçilik tarapyndan peýdalanylýan we beýleki binalar);
  • desgalar (minaralar, bogaldaklar, gurallar we beýleki önümçilik-tehniki enjamlar);
  • inženerçilik we önümçilik-tehnologik enjamlar (kommunikasiýalar, ulgamlar, abzallar, elektron-hasaplaýyş tehnikasy, stanoklar, geçiriji we güýç maşynlary, beýleki mehanizmler we abzallar);hojalyk jaýlary (garažlar, zat saklanýan ýerler, ammarlar, bassyrmalar, üsti ýapyk meýdançalar, germewler we ş.m.);
  • aýratyn duran jaýlar (sehler, laboratoriýalar, otaglar we ş.m.);
  • gurluşygy tamamlanmadyk desgalar;
  • esbaplar, tehniki abzallar; h. bezeg predmetleri, mebel, öý goşlary; i. haryt-maddy gymmatlyklar (harytlar, çig mal, materiallar).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şulara degişli däldir:

  • milli we daşary ýurt pulundaky nagt pul serişdeleri;
  • paýnamalar, obligasiýalar we beýleki gymmatly kagyzlar; c. golýazmalar, meýilnamalar, çyzgylar we beýleki resminamalar, buhgalterçilik we işewür kitaplar; d. modeller, maketler, nusgalyklar, görnüşler we ş.m.);
  • guýlan gymmat bahaly metallar we çarçuwasyz gymmatly daşlar;
  • kompýuter we şoňa meňzeş ulgamlaryň maglumatlarynyň tehniki göterijileri, hususan-da, magnit plýonkalary we kassetalar, magnit diskleri, ýat bloklary we ş.m.); g. markalar, monetler, pul birlikleri we kagyz pullar, suratlar, kartinalar, heýkeller ýa-da beýleki kolleksiýalar ýa-da sungat eserleri;
  • partlaýjy we partlama howply maddalar (benzin, dizel ýagnyjy, ýag, gaz we ş.m.);
  • saklanýan ýa-da komissiýa berlen harytlar;
  • ulag serişdeleri, hereket edýän maşynlar, gurluşyk we oba hojalyk ýa-da beýleki maşynlar;
  • ätiýaçlandyrylan jaýda ýerleşýän, ýöne ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk emläk;

oba hojalyk mallary, köp ýyllyk ekinler we oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyl; m. awariýa ýagdaýyndaky jaýlar we desgalar, gurnama elementleri we inženerçilik ulgamlary, şeýle hem olarda ýerleşýän emläk; n. opurylma, süýşme, suw basma howpy bolan zolakda ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklaryň howp salýan zolagynda, şeýle hem, eger bu habar ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmazyndan öň berlen bolsa, bellenen tertipde bu howp barada habar berlen pursatyndan başlap, harby hereketleriň zolagynda ýerleşýän emläk; o. dolanyşykdan çykarylan ýa-da dolanyşygy çäklendirilen beýleki emläkler. 7-nji bölümde sanalyp geçilen predmetleri ätiýaçlandyrmak taraplaryň ylalaşygy bilen geçirilip bilner we ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) ýörite goşmaçalar bilen resmileşdirilmelidir.

Suw ulagy serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş

1.Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan pursatyndaky emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýarlar. 2. Ätiýaçlandyryş bähbidi – ätiýaçlandyryş obýektiniň ätiýaçlandyrylmagyna maddy taýdan bildirilýän gyzyklanmanyň ölçegi. 3. Emläk bähbidi Ätiýaçlandyrýanyň eýeçilik edýän, peýdalanýan we ygtyýar edýän ätiýaçlandyryş obýektiniň gymmatyndan öwez tölegini almagynda, şeýle hem Ätiýaçlandyryjy tarapyndan özüniň fiziki şahsyň janyna, saglygyna we/ýa-da emlägine ýetiren zyýanynyň, şeýle hem ýuridik şahsyň (mundan beýläk – üçünji şahslar) emlägine ýetirilen zyýanynyň öweziniň dolunmagynda ýüze çykýar. 4. Deňiz (derýa) gämisiniň bar bolan gurluşy ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar: gäminiň gabarasy, hereketlendirijileri, enjamlary we esbaplary, ýangyç-çalgy ýag materiallary we beýleki sarp edilýän materiallar muňa girmeýär.Şu kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän, maşynlary, enjamlary, takelažlary, içerki bezegler we ş.m. goşmak bilen, suw ulagy serişdesine eýeçilik etmek, peýdalanmak, ygtyýar etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri, şeýle hem ätiýaçlandyryş obýekti arkaly daşalýan ýük ätiýaçlandyryş obýekti bolup biler. 5. Şertnama boýunça olaryň maksadyna, ýüzýän ýerine, gurluş materialyna, ýöredijiniň we hereketlendirijiniň görnüşine baglylykda deňiz (derýa) gämileri ätiýaçlandyrylyp bilner. Olar şu toparlara bölünýär:Bellemek maksady boýunça: – söwda, gulluk, sport, senagat, ýolagçy, gezelenç etmek maksatly gämiler (lihterler, tirkegler, paromlar, baržalar, katerler we ş.m.). Söwda gämileri daşalýan ýüküň häsiýetine baglylykda şulara bölünýär:- Gury ýük daşaýanlar. Bular gaplanan we gaplanmadyk gury ýükleri daşamak üçin ulanylýar (sowadyjy enjamlary bolan gämiler, agaç daşaýjylar, däne daşaýjylar, konteýnerleri daşaýjylar, paket daşaýjylar we ş.m.);- Suwuk ýükleri daşaýanlar. Bular guýulýan suwuk ýükleri daşamak üçin ulanylýar (tankerler we ş.m.). 6. Şular ätiýaçlandyrmak üçin kabul edilmeýär: 6.1. Gurluş elementleri (hereketlendirijileri, gabarasy, gurluşy, ýüzüş we beýleki gämi abzallary, maşynlary we enjamlary) gurat bolmadyk suw ulagy serişdeleri; 6.2. Gämileriň döwlet sanawyna girizilmedik we resmi taýdan bellige alnan, degişli buzluklurda ýüzüş derejesi bolmadyk suw ulagy serişdeleri; 6.3. Ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk we ol tarapyndan şertnama gatnaşyklary netijesinde alynmadyk, suw gämilerinde ýerleşdirilen, emläk.

Türkmenistanyň çäginde bolýan ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda Ätiýaçlandyrylan şahs- emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrlan fiziki ýa-da ýuridiki şahs. Türkmenistanyñ çäginde bolýan wagtynda bolup geçen duýdansyz kesellemegiñ ýa-da betbagtçylykly ýagdaýyñ netijesinde ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýeten mahalynda Ätiýaçlandyrylan şahsa lukmançylyk kömeginiň berlendigi üçin çykdajylaryň öwezini dolmak ýoly bilen goralýan şahsy bähbitler (Ätiýaçlandyrylan şahsyñ) ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.Ätiýaçlandyryş şertnamasynyñ hereket edýän döwründe duýdansyz kesellemegiñ ýa-da betbagtçylykly ýagdaýyñ netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyñ saglygyna zyýan ýetmegi (tiz we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek bilen), şeýle hem şu ýagdaýyñ netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyñ merhum bolmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyñ hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrylan şahsyñ Türkmenistanyñ çäginde bolýan wagtynda duýdansyz kesellemegiñ ýa-da betbagtçylykly ýagdaýyñ netijesinde bolup geçen wakalar ätiýaçlandyryş halatlary diýlip ykrar edilýär.Duýdansyz kesellemekden we betbagtçylykly ýagdaýlardan ätiýaçlandyrmak olaryñ lukmançylyk nukdaýnazaryndan zerur bolan mahalynda berlen hyzmatlar üçin, şeýle hem tiz we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiñ edilendigi üçin tölegleri göz öñünde tutýar.

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletinde, ätiýaçlandyryş çäginde bolýan wagtynda bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty netijesinde onuň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. 2. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletinde ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda duýdansyz kesellemegi, betbagtçylykly hadysa uçramagy, şeýle hem aradan çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär. Ätiýaçlandyrylan şahs (onuň aradan çykan halatynda – mirasdarlar) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna we Ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolmagyna degişli çekilen çykdajylaryň möçberini subut etmäge borçludyr.

Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş

Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen telekeçilik işleri amala aşyrylanda bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ömre, saglyga we (ýa-da) emläge ýetirilen zyýan üçin fiziki we ýuridik şahslaryň öňündäki jogapkärçilik. Şu Kadalara laýyklykda, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şu aşakdakylar bilen bagly raýat-hukuk jogapkärçiligi babatynda töwekgelçilik ätiýaçlandyrylyp bilner: -üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen zyýan üçin; -üçünji şahslaryň emlägine ýetirilen zelel üçin; -üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna görä ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyrýan bilen Ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça töwekgelçiligiň her bir görnüşi (üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan) boýunça jogapkärçiligiň bellenen çäklerinde kesgitlenýär.

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş

 Ätiýaçlandyrýanyň ulag serişdesine eýelik etmegi, peýdalanmagy, ygtyýar etmegi bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi bellenilende ätiýaçlandyryşa degişlidir: – ulag serişdesinde bolan sürüjileriň we ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalary;- zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi; saglygy goraýyş çykdajylary;- ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi. Ulag serişdesinde goş hökmünde bolan gymmat bahaly zatlar, gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly metallardan ýasalan önümler, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar we olardan ýasalan önümler, kino-wideoenjamlar, dini zatlar, golýazmalar, pul belgileri, gymmat bahaly kagyzlar, resminamalar we fotosuratlar ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär. Ulag serişdesiniň sürüjisiniň we ýolagçysynyň betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryşyň obýekti ulag serişdesiniň ýolagçysynyň we (ýa-da) sürüjisiniň ömri we saglygy bolup durýar. Ulag serişdesiniň sürüjisiniň we ýolagçysynyň betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.Ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan (zelel) ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar; Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklýkda Ätiýaçlandyrýanyň heläkçilik (çakyşma, agdarylma, duran ulag serişdesini, päsgelçiligi, pyýadany, tigirli ýolagçyny, arabany kakdyrmagy, ýolagçynyň gaçmagy we ýol-ulag hadysalarynyň başga görnüşleri) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetiren zyýanyň (zeleliň) öwezini dolýar.

Ýükleri ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatyndaky emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Şular ätiýaçlandyryş obýekti bolup bilerler: ýükler, komission tölegler, rahat we ýükleri daşamak bilen bagly beýleki çykdajylar. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy sebäpli, ýükleri daşamak bilen bagly Ätiýaçlandyrýana ýetirilen ýitgiler, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.Ätiýaçlandyryşyň anyk obýekti Ätiýaçlandyrýanyň arzasynda (1-nji goşundy) we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda – polisinde (2-nji goşundy) görkezilýär. Zerur bolan halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ýanyna ýükleriň ýazgysy goşulýar (1a- goşundy).Ýörite ýükleriň, gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň (zergärçilik önümleri, altyn, platina we platina toparyna degişi metallaryň guýmalary we bölekleri), gymmat bahaly sütükli derileriň, banknotlaryň, şaýlyklaryň, gymmat bahaly kagyzlary, daşary ýurt pulundaky gymmatlyklarynyň, markalary, resminamalaryň, aýratyn çeperçilik we taryhy gymmaty bolan zatlaryň, şahsy goşlaryň we emlägiň, goşlaryň (ulagyň görnüşine garamazdan) daşamagy goşmaça ylalaşyklar esasynda ätiýaçlandyrylýar.Aýratyn fiziki-himiki häsiýetleri (ot alýan, partlama howpy bolan, howply ýükler) bolan ýükleri, göwrümi uly bolmadyk enjamlary, deňiz buraw enjamlaryny, deňiz gämileriniň palubalarynda gämileri, döwülmäge we böleklenmäge aýratyn ýakyn ýükleri daşamagy ätiýaçlandyrmak hem goşmaça ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar.

Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyrmak

Nebit, gaz, geotermal, suw we beýleki guýular, şeýle-de olarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly çykdajylar hem-de raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň obýektleri bolup durýarlar. Ätiýaçlandyryş obýektlerini häsiýetlendirýän işler we ýagdaýlar şular, ýagny:- buraw guýusynda önümiň çykarylyp başlanan senesinden degişli işleriň tamamlanmagyna çenli ýa-da başga sebäpden ätiýaçlandyryş bes edilýänçä burawlamak, çuňaltmak, tehniki hyzmat etmek, abatlamak, dikeltmek ýa-da önümi çykaryp başlamaga taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmegi;- buraw guýusynda nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki suwuk ýa-da gaz görnüşli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşynyň alnyp barylmagy;- buraw guýusynda nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň çykarylyşy haýsydyr bir sebäpden wagtlaýyn bes edilmegi, guýunyň petiklenmegi ýa-da gaýry usul bilen konserwirlenmegi;- buraw guýusyny üpjün edýän nebitli ýa-da gazly gatlaklaryň boşamagy sebäpli nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki suwuk ýa-da gaz görnüşli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşynyň bes edilmegi;- ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen çäklerde we degişli ýerasty känlerde daşky gurşawa ýetirilen zeleliň, şol sanda howanyň, suwuň, ýerüstüniň we ýerastynyň hapalanmagy bilen ýetirilen zyýanyň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň çekilmegi.Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şu töwekgelçilikler hem ätiýaçlandyrylyp bilner:- üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýanyň ýetirilmegi;- üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zelel üçin raýat-hukuk jogapkärçiligi.Ätiýaçlandyrýan 7-nji bölümiň 1-nji bendine laýyklykda ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän guýularyň ýagdaýyny, şeýle hem ätiýaçandyryş şertnamasynyň baglaşylýan wagtynda ýokarda görkezilen işleriň geçirilen halatynda bu barada Ätiýaçlandyryjyny habarly etmäge borçludyr. Şu Kadalara laýyklykda buraw enjamlary hem ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen şu aşakdakylar hem ätiýaçlandyryşa degişlidir:- buraw enjamlary, nebit we gaz guýularyny ulanmak we olara tehniki hyzmat etmek boýunça enjamlar, şeýle hem ýük göteriji kranlar, kranlar, gazanlar, suw gyzdyryjy enjamlar, buraw turbalary, gurallar, ätiýaçlyk şaýlary, agregatlar, garnituralar, degişli esbaplar, şeýle hem buraw işlerinde Ätiýaçlandyrýanyň ulanýan beýleki serişdeleri;- göçme enjamlar, hereket edýän düzüm, sement, buraw ergini ýa-da buraw garnuwy, himiki önümler, çöwlük turbalary, sowma ýollar, çyzgylar, meýilnamalar we resminamalar, şeýle hem ammarlardaky emläk. Şu bölümde sanalan emläk diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen bolsa ätiýaçlandyrylan diýlip hasap edilýär.Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen enjamlar we emläk diňe ätiýaçlandyrylýan ýeriň çäklerinde ätiýaçlandyrylan diýlip hasap edilýär. Enjamyň başga ýere geçirilen halatynda ýagny, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjyny öz wagtynda (azyndan 1 aý öňünden) meýilleşdirilýän göçürme barada habarly edende ätiýaçlandyryş täze ýerde hereket etmäge dowam edýär. Şu ýagdaýda Ätiýaçlandyryjy enjamyň bir ýerden başga ýere geçirilmegi bilen ýüze çykan töwekgelçiligiň üýtgemegine laýyk gelýän gatanjyň möçberini bellemäge hukugy bardyr.Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan halatlarda we goşmaça gatanjyň tölenilen ýagdaýynda şularyň öwezi dolunýar:- ätiýaçlandyrýanyň kärende şertnamasy, hakyna tutmak ýa-da lizing(kireýine bermek) boýunça alan ýa-da oňa buýrujy ýa-da başga adamlar tarapyndan berlen ätiýaçlandyrylan guýularda peýdalanylýan buraw enjamyna ýa-da bolmasa beýleki enjama, şol sanda, buraw we çöwlük turbalaryna, iş geçirmekde ulanylýan beýleki enjama ýetirilen zelel. Şu ýagdaýda Ätiýaçlandyrýan kanuna ýa-da kärende şertnamasyna ýa-da hakyna tutmaga we lizinge(kireýine bermäge) laýyklykda öwezini dolmaga borçly bolan derejesinde ýetirilen zeleliň öwezini dolýar;- bendine laýyklykda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezini doluş töleginiň tölemäge borjunyň ýerine ýetirmegine getirýän wakanyň ýüze çykmagy ýa-da şol wakanyň ýüze çykmak howpunyň dörän halatynda, 9.1. bendinde görkezilen enjamlary halas etmek boýunça zerur bolan hem-de maksadalaýyk çykdajylar. Şu Kadalaryň şertlerinde şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan çykdajylaryň öwezi dolunýar:- nebitiň we gazyň öňünden görülmedik halatda atylyp çykmagy;- kraterleriň, grifonlaryň we çukurlaryň duýdansyz emele gelmegi;- maçtalaryň, kranlaryň ýa-da derrik kranlaryň gollarynyň ýokary galmagy ýa-da aşak göýberilmegi;- buraw enjamlarynyň, derrik kranlaryň ýa-da maçtalaryň çökmegi ýa-da guýa sorulmagy;- ätiýaçlandyryşyň çäklerinde ýerüsti ýük daşamalar. Ýerasty buraw guraly, şeýle hem beýleki enjamlar diňe şu aşakdakylaryň netijesinde çekilen çykdajylardan ätiýaçlandyrylan hasap edilýär:- nebitiň we gazyň öňünden görülmedik halatda atylyp çykmagy;- kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň duýdansyz ýagdaýda emele gelmegi;- ýangyn;- partlama.Şu Kadalarda “atylyp çykmagy” diýlip guýudan buraw erginiň duýdansyz ýagdaýda we üzül-kesil atylyp çykmagyna düşünilýär. Şeýle atylyp çykmanyň netijesinde nebitiň, gazyň ýa-da suwuň dolandyrylmaýan akymy emele gelýär. Bu akym burawyň sütüniniň oturdylan ýerinde ýerasty gatlaklardaky nebitiň, gazyň ýa-da suwuň basyşy sütüniňkiden has ýokary bolanda döreýär. Şu Kadalarda kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň duýdansyz ýagdaýda emele gelmegi diýlip şuňa düşünliýär. Ýagny bu dolandyrylmaýan guýudan çykýan nebitiň, gazyň ýa-da suwuň akymynyň täsiri bilen topragyň zaýalanyp, guýynyň agzynda çukur görnüşli çöketligiň emele gelmegidir.Guýuda ýa-da buraw ýerinde ýangyny söndürmek boýunça çykdajylaryň, şeýle hem gymmatly düzümleriň, köpürjik emele getirýän düzümleriň ýa-da ýangynlary söndürmek üçin peýdalanylýan islendik beýleki serişdeleriň bahasynyň ýangyn mahaly olara zeper ýetendigine (ýitirilendigine) ýa-da ýangyny söndürmek üçin peýdalanylandygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş arkaly öwezi dolunmaýar.Kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň emele gelmeginiň ýa-da bolmasa nebitiň, gazyň ýa-da suwuň atylyp çykmagynyň bes edilmegi ýa-da öňüniň alynmagy boýunça islendik çykdajylar hem ätiýaçlandyryş arkaly öwezi dolunmaýar. Şu Kadalara laýyklykda Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:a) eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyrylan enjamlary özbaşdak ýagdaýda we diňe öz işçi güýçlerini peýdalanmak bilen ulanmaga;b) buraw işleri geçirilýän ýerde aýlawly burawlaýan enjamlar üçin Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan bellenilen tertibi we kadalary, şeýle hem ähli zerur howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge;c) burawlanylýan mahaly buraw ergini hökmünde düzüminde nebit, ýag bolan ýa-da howalandyrylan garyndylaryň peýdalanylmagyna ýol bermezlige, emma munuň özi “goşmaça burawlamak”, buraw guralyny “tutmak” üçin, şeýle hem ýol berilýän beýleki halatlaryň düzüminde ýag bolmadyk garyndylaryň peýdalanylmagynyň mümkinçiligini aradan ayýrmaýar. Eger kärendä almak ýa-da buraw enjamlaryna tehniki hyzmat etmek üçin baglaşylan şertnamalar arkaly kärendä berijiniň ýa-da tehniki hyzmaty edýän guramanyň kärendä berlen işleriň ýa-da bolmasa olaryň tehiniki hyzmaty edýän buraw enjamlarynyň ygtybarlylygy ýa-da hili babatda haýsydyr bir çäklendirmeler göz öňünde tutulýan bolsa, şonda şeýle çäklendirme şu Kadalara laýyklykda öwezi dolunýan ýitgiler boýunça Ätiýaçlandyryjynyň regres yglan etmäge bolan hukugyna täsir etmeýär.Islendik halatda şu aşakdakylaryň öwezi dolunmaýar:- boş durulmagy, ätiýaçlandyrylan enjamy peýdalanmagyň wagtlaýyn mümkin däldigi we başga gytaklaýyn zeleller; – ogurlanylmagy, ýitmegi ýa-da beýleki öwsele zelelleri;- içerki döwükler, motoryň partlamagy ýa-da beýleki sebäpler netijesinde enjama zeper ýetmegi;- şeýle enjamyň taslanylmagynda, onuň gurnalmagynda ýa-da gurluşynda göýberilen ýalňyşlyklar netijesinde ýüze çykan zeleller;Tölenilen ätiýaçlandyryş öwezini doluşyň möçberi könelmegini nazara almak bilen, zeper ýeten ýa-da ýok edilen enjamyň hakyky bahasyndan geçmeli däldir.

Ýuridik şahslaryň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrylan şahsyň özüniň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda we onuň iş ýerine hem-de yzyna barýan wagtynda betbagytçylykly hadysanyň netijesinde ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetmegi bilen baglanyşykly hususy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Ätiýaçlandyrylan şahsyň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda we onuň iş ýerine hem-de yzyna barýan wagtynda betbagytçylykly hadysanyň netijesinde ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetmegi bilen dörän waka ýa-da ýagdaý ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär. Şeýle-de, ätiýaçlandyryş halatyna şu aşakdakylar degişlidir:a) organlaryň (ýatgynyň, ýatgy turbalarynyň ýeke biriniň ýa-da ikisiniň, ýumurtgalyklaryň) aýrylmagyna sebäp bolan patologik çaga dogurma ýa-da ýatgydan daşarky göwrelilik; b) zäherli ösümlikler, himiki maddalar (senagat ýa-da durmuşy gelip çykyşly), hili ýaramaz iýmit önümleri, dermanlar bilen tötänleýin ýiti zäherlenme, iýmit toksikoinfeksiýasyndan başga (salmonellýoz, ganly içgeçme (dizenteriýa) we ş.m.), asfiksiýa (demikme), sakyrtga ýa-da sanjymdan soňraky ensefalit (ensefalomiýelit), elektrik togunyň urmagy (atmosfera elektrigi), ýylanlaryň, zäherli mör-möjekleriň çakmagy, bürme keseli we botulizm. Şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan halatlar ätiýaçlandyryş halaty hökmünde ykrar edilip bilinmez hem-de Ätiýaçlandyrylan şahsa ýetirilen zyýanyň öwezi dolunmaga degişli däldir: a) anyklaýyş we deslapky derňew edaralary ýa-da kazyýet tarapyndan bilkastlaýyn jenaýatyň alamatlarynyň barlygy kesgitlenilen hereketleriň edilmegi; b) alkogol, neşe we psihotrop serişdeleriň täsiriniň netijesinde serhoşluk; ç) öz-özüne kast etme (öz-özüne kast etmä synanyşma), üçünji şahslaryň bikanun hereketleriniň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şol derejä ýetirilen halatlary muňa degişli däldir; d) Ätiýaçlandyrylan şahsyň bilkastlaýyn özüne ten şikeslerini ýetirmegi; e) Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümine sebäp bolan Ätiýaçlandyrýanyň (ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň çaklanylýan mirasdüşerleriniň) bilkastlaýyn hereketleri.

Iş berijiniň raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyryşy

Önümçilikde zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda betbagtçylykly hadysalar we/ýa-da hünär keselleri netijesinde Ätiýaçlandyrylan işgär ýa-da işgärleriň (Ätiýaçlandyrlan şahs ýa-da şahslaryň) ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça onuň borçnamasy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş boýunça, önümçilikde betbagtçylykly hadysa we/ýa-da hünär keseli netijesinde Ätiýaçlandyrylan işgär ýa-da işgärleriň (Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da şahslaryň) ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi üçin Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen, ätiýaçlandyrýanda -ätiýaçlandyryja degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek we ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçnamalary berjaý etmek boýunça talap bildirmek hukugy, ätiýaçlandyryjyda bolsa, bu barada degişli borçnama döreýär. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň subutnamasy degişli resminamalar we dogruluguna şübhe döretmeýän beýleki maglumatlar esasynda, kazyýetleriň derňew we beýleki edaralaryň çözgütleri bilen, şeýle hem zerur bolan halatlarda, bolsa bilermenleriň netijenamalary esasynda bellenilýär