Arzuwyňy biziň bilen gur!

“KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ” AGPJ

Türkmenistanda iň meşhur ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň biridir. Ýokary tejribeli hünärmenler topary bizde zähmet çekýär, bularyň hemmesi müşderilerimiziň iň ýokary hünär derejesinde goýýan meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär.

Biz barada

Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň 20 görnüşi

     Häzirki wagtda “Kepilli Ätiýaçlandyryş” AGPJ içerki bazarda we halkara derejesinde 20 görnüşli ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär.

0+
PROFESSIONAL IŞGÄR
0+
MÜŞDERI
0%
RAZY MÜŞDERI
0+
ŞERTNAMA

HYZMATLARYMYZ

“Howa gämilerini utgaşdyryp” meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs.

HYZMATLARYMYZ

Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we işe ukyplylygy bilen baglanyşykly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs.

HYZMATLARYMYZ

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryň şertlerine laýyklykda “Kepilli ätiýaçlandyryş” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan, şeýle hem Halkara ýük daşamak hakyndaky ...

HYZMATLARYMYZ

Gurluşyk-gurnaýyş işlerini ätiýaçlandyryş

Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýarlar: gurluşyk işleri, şol sanda gurulýan binalar, desgalar we beýleki obýektler, gurluşyk materiallary we gurnaýyşlary, şeýle hem taslama-sanaw resminamalarynda göz öňünde tutulan we gurluşyk işlerini amala aşyrmagyň zatlary hem-de serişdeleri bolup durýan beýleki emläk...

HYZMATLARYMYZ

Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş

Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen telekeçilik işleri amala aşyrylanda bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ömre, saglyga we (ýa-da) emläge ýetirilen zyýan üçin fiziki we ýuridik şahslaryň öňündäki jogapkärçilik.

HYZMATLARYMYZ

Howa uçarlaryndaky betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarap ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs...

HYZMATLARYMYZ

Adamlaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramagy maksat edinýäris

Ätiýaçlandyryş syýasaty

Garaşylmadyk ýagdaýlarda-da köşeşmäge, meýilleşdirilmedik çykdajylardan, ýaşaýyş derejäňiziň peselmeginden we adaty rahatlygyňyzy ýitirmäge kömek edýär.
HABARLAŞMAK ÜÇIN

Biziň müşderilerimiz

Müşderilerimiz doly gurşawly we ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklerinden goramak bilen ýokary hilli ätiýaçlandyryşy eýe bolýarlar.